This version of the page http://www.azathabar.com/a/27663803.html (0.0.0.0) stored by archive.org.ua. It represents a snapshot of the page as of 2016-06-16. The original page over time could change.
Baş 'çäreçä' çäre görüldi

Sepleriň elýeterliligi

  • Esasy mazmuna dolan
  • Esasy nawigasiýa dolan
  • Gözlege dolan
Türkmenistan

Baş 'çäreçä' çäre görüldi

  • Ýowşan Annagurban

  • Facebookda paýlaş
  • Twitterde paýlaş

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler kabinetiniň giňişleýin mejlisinde ýurtda gurlan medeniýet desgalarynyň köpüsiniň boş durandygyny boýun alyp, medeniýet boýunça orunbasary Maýsa Ýazmuhammedowany wezipesinden boşatdy.

Türkmen telewideniýesiniň maglumatyna görä, Ýazmuhammedowa Ministrler kabinetiniň anna güni geçirilen mejlisinde öz gözegçilik edýän pudagyndaky işleriň ýagdaýy, hususan-da milli baýramçylyklara, durmuş-medeni ähmiýetli desgalaryň açylyşyna bagyşlanan dürli çäreleriň geçirilendigi barada hasabat beripdir.

Emma prezident Berdimuhamedow Ýazmuhammedowanyň hökümet başlygynyň orunbasary bolup işlän ýyllarynyň dowamynda bäş gezek käýinç alandygyny, emma onuň gözegçilik edýän ulgamyndaky ýagdaýyň gowulanmandygyny aýdýar.

Hususan-da prezident ýurduň milli konserwatoriýasynda bidüzgünçiliklere ýol berilýändigini, ýagny rektoryň işinde «örän kän kemçiligiň bardygyny» aýdyp, Ýazmuhammedowanyň bu ýagdaýy düzetmek üçin hiç bir çäre görmezliginden nägilelik bildirdi.

Mejlisiň dowamynda Türkmen milli konserwatoriýasynyň rektory H.Amangeldiýew «işde goýberen düýpli kemçilikleri we gulluk wezipesini hyýanatçylykly ulanandygy üçin» diýlip, işden boşadyldy. Şol bir wagtda Amangeldiýewiň anyk nähili bidüzgünçilik edendigi aýdylmaýar.

Berdimuhamedowyň 'kadr krizisi'

Şeýle-de prezident ýurtda gurlan köp sanly teatrlaryň, aýdym-saz merkezleriniň işinden, medeniýet edaralarynyň köpüsiniň boş duranlygyndan nägilelik bildiripdir.

Şol bir wagtda prezident Berdimuhamedow ýurtda gyzykly sahna eserleriniň döredilmeýändigini, teleýaýlymlarda gyzykly gepleşikleriň ýokdugyny boýun alypdyr.

Mundanam başga prezident Ýazmuhamedowany «ýurtda gazanylan üstünlikleriň örän ýaramaz beýan edilmeginde» aýyplapdyr.

Prezident Berdimuhamedowyň sözlerine görä, ýurtdaky taryhy ýadygärlikler barada hem hiç kim zat bilmeýär, Aşgabatda geçiriljek V Aziýa oýunlarynyň wagzy talabalaýyk alnyp barylmaýar.

Bularyň üstesine, Maýsa Ýazmuhammedowanyň döwlet sylagyna hödürlän medeniýet işgärleriniň käbiriniň kanun goraýjy edaralaryň işgärleri tarapyndan bidüzgünçilikde tutulandygy aýdylýar.

Prezident Ýazmuhamedowanyň «düýpli kemçilikleri üçin» wezipesinden boşadylýandygyny aýdyp, onuň ornuna – Ministrler kabinetiniň başlygynyň medeniýet meseleleri boýunça orunbasarlygyna ozalky bilim ministri, parlamentde işleýän Gülşat Mämmedowany belledi.

Türkmenistanyň Alternatiw täzelikleri guramasy bu ýagdaýy Berdimuhamedowyň "kadr krizisi" hökmünde häsiýetlendirip, M.Ýazmuhammedowanyň 2012-nji ýylda hem wezipesinden çetleşdirilendigini, G.Mämmedowanyň bolsa bir ýyl ozal, prezidentiň ençeme käýinjinden soň, "işde goýberen kemçilikleri üçin" diýlip, Ýokary gözegçilik palatasynyň geçiren barlaglary netijesinde, bilim ministriniň wezipesinden boşadylandygyny ýatladýar.

Ministrler kabinetiniň mejlisinde hasabaty diňlenen ýolbaşçylaryň arasynda ykdysadyýet we ösüş ministri Ý.Şeripow, Baş döwlet salgyt gullugynyň başlygy Ş.Hümmedow, söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri B.Abaýew «işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin» diýlip, wezipelerinden boşadyldy.

Degişli makalalar

  • Berdimuhamedowyň "meseleleri"

  • “Edara-kärhanalaryň ençemesinde iş ýatdy”

  • Berdimuhamedowyň aýdymy "rekord" goýdy

  • Nebit-gaz awtoritarizmi dowam edýär

Iň täze makalalar

  • ABŞ Ukraina 220 million dollar berýär

  • Baş kanun kim we näme üçin düzedilýär?

  • Gunduz: Söweşijiler howpsuzlyk güýçlerinden ‘iki esse köp’

  • Daşoguzda çözgüt 'hakykaty aýtmakdan başlanmaly'

  • Erdoganyň Türkiýesinde ‘diňe haýwanlar namaz okamaýar’

Teswirleri görkez

Back to top
XS
SM
MD
LG