Ýekşenbe, Oktýabr 19, 2014 Aşgabat wagty 21:51
Audio menýu
Internet TV
Tolkunlar
Podcast
Programma
Islege görä

 Jynsy gaçakçylyk
 Türkmen görnüşleri #42
Youtube
Azatlyk TW

BIZ BARADA


Biziň missiýamyz: RFE/RL-niň žurnalistleri erkin metbugatyň gadagan edilen ýa-da söz azatlygy çäklendirilen 20 döwletiň ilatyna erkin habarlary ýetirýär.

Biz giň halk köpçüligine senzurlanmadyk habarlary, diskussiýalary we açyk çekişmeleri hödürleýäris.

20 döwletde, 28 dilde: Biziň gepleşiklerimiz 20 döwletde 28 dilde efire berilýär. 400-den gowrak žurnalisti, 750-den gowrak ştatdan daşary habarçysy we 19 sany ýerli býurolary bolan RFE/RL dünýäňiň iň uly habar serişdeleriniň biri hasaplanýar. (Karta serediň.)

Demokratiýanyň binýadynyň habardar edilen raýatlardygy baradaky düşünjä esaslanyp hem-de ýarym asyrdan gowrak döwri öz içine alýan tejribesine daýanyp, RFE/RL aşakdaky ýörelgelerden ugur alýar:

1. RFE/RL obýektiw habarlary, analizleri hem-de demokratiýa we erkin bazara geçiş döwründe zerur bolan ýerli we regional meseleler boýunça çekeleşikleri halk köpçüligine ýetirýär.

2. RFE/RL demokratiki gymmatlyklary göz öňünde tutup, graždan jemgyýetçiligini güýçlendirýär.

3. RFE/RL etniki we dini çydamsyzlyklara garşy göreşýär.

4. RFE/RL ýerli media üçin nusga bolýar, metbugatyň professionallygyny we garaşsyzlygyny güýçlendirmek boýunça türgenleşdiriş arkaly olara ýardam berýär hem-de ýerli habar serişdeleri bilen giňişleýin hyzmatdaşlyk edýär.

5. RFE/RL regiondaky ýurtlar bilen dünýäniň ösen demokratiki jemgyýetleriniň arasyndaky gatnaşyklaryň berkidilmegine ýardam berýär.

RFE/RL-niň hemme žurnalistleri we žurnalistleriň habar taýýarlamak boýunça kömekçileri öz işlerinde aşakdaky görkezilen prinsiplerden ýörelge almalydyrlar:

Takyklyk

RFE/RL–niň žurnalistleri efire gidýän hem-de çapdan çykýan (şol sanda internet arkaly ýaýradylýan) materiallarynyň dogrulygyny kepillendirmek üçin ellerinde baryny etmelidirler.

Ulanylýan faktlarda gapma-garşylyk ya-da ikirjiňleme bolan halatynda maglumat azyndan iki sany garaşsyz çeşmä esaslandyrylmalydyr.

RFE/RL-niň žurnalistleri gep-gürrüňe esaslanýan ýa-da hiç hili esassyz maglumatlary çap etmekden ýa-da efir arkaly ýaýratmakdan saklanýarlar.

Goýberilen fakt ýalňyşlyklary iň gysga wagtda düzedilýär.

Tarapsyzlyk

Maglumat wakalaryň we meseleleriň düşünilmegine ýardam etmek üçin ýoýulmadyk hem takyk faktlaryň esasynda diňleýjilere ýetirilýär.

Žurnalistler hemme meselelerdäki gapma-garşylykly we üýtgeşik pikirleri deňagramlylyk bilen diňleýjilere ýetirýärler. Haçan-da toparlar ýa-da şahsyýetler deňagramlylyk üçin wajyp bolan pikirlerini we garaýyşlaryny bermekden saklansalar, şeýle ýagdaýlar barada makalada agzap geçmek ýerlikli hasap edilýär.

RFE/RL özüniň radio ýa-da telewideniýe arkaly efire berýän ýurtlarynyň (Efir giňişliginiň) içindäki ýa-da daşyndaky islendik syýasy partiýadan, häkimiýetdäki ýa-da oppozisiýadaky toparlardan, bosgunlykdaky guramalardan, kommersiýa ya-da aýratyn bähbitli guramalardan we dini guramalardan garaşsyz bolmalydyr; şeýle hem belli bir syýasy, ykdysady ýa-da dini pikir-garaýyşlaryň tarapyny tutmakdan, ýa-da ýaýratmakdan çeke bolmalydyr.

Analizler, kommentariler we redaksiýa degişli makalalar

Efire berilýän we çap edilýän hemme materiallarda diňleýjilere we okyjylara ýetirilýän maglumatyň ähmiýetini we zerurlygyny takyklaýan hem-de gozgalýan meseleleriň gelip çykyşy barada maglumat we düşündiriş berýän elementler bolmalydyr.

Köplenç kommentariý bermekden saklanylmaly. RFE/RL şahsy pikir-garaýyşlara baha berilemegini makullaýar. Kommentariler RFE/RL-niň işgärleri tarapyndan örän seýrek ýagdaýda we Efire Beriş Gullugynyň direktory ya-da Efire Beriş Gullugynyň direktorynyň orunbasary tarapyndan öňünden tassyklanan ýagdaýda yazylyp bilner. Daşky bilermen tarapyndan berilýän kommentariler RFE/RL-niň professional standartlaryna gabat gelmelidir.

Ýerliklilik äheňi we sylanyşyk

Efire berilýän we çap edilýän materiallar hemişe döwrebap we esaslandyrylan çekeleşikleriň, şeýle hem her bir adamyň ynsan hukuklaryna sylanyşygyň nusgasy hökmünde asuda we ýerlikli äheňde taýýarlanylmalydyr.

Efire berilýän we çap edilýän materiallar belli bir adamyň ýa-da toparyň dini, etniki, jemgyýetçilik-ykdysady ýa-da medeni taýdan abraýyna şikes ýetirmeýän edep-ekramyň umumy standartlary esasynda gurnalmalydyr.

Efire berilýän we çap edilýän materiallarda zorluga sebäp boljak ýa-da şeýle ýagdaýlara meçew berip biljek maglumatlar bolmaly däldir. Durnuksyzlyk ýa-da beýleki dartgynly ýagdaýlar baradaky materiallar deňagramly we faktlara esaslanan bolmalydyr.

Pikirleriň propagandasyndan gaça durmak


RFE/RL demokratik döwletleriň umumy gymmatlygy bolan demokratiýa we adam hukuklaryny goldaýar. Muňa garamazdan, RFE/RL belli bir syýasatyň we kanunçylygyň propagandirlenmeginden gaça durmalydyr; şeýle hem programmalar saýlawlara gatnaşjak dalaşgärleriň ýa-da belli bir wezipä belleniljek adamlaryň tarapyny tutmak bilen olara goldaw ýa-da pasgelçilik bermekden gaça durmalydyr.

RFE/RL Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Konferensiýasynyň Helsinki Jemleýji Aktynda bellenip geçilen hemme adamlaryň öz erkini özleriniň kesgitlemek hak-hukugyny goldaýar. Muňa garamazdan, RFE/RL-niň efire berýän we çap edýän materiallary bölünişigi wagyz etmeli däldir.

RFE/RL her bir ynsanyň halkara normalary esasynda kabul edilen syýahat we migrasiýa azatlygyny goldaýar. Muňa garamazdan, RFE/RL-niň efire berýän we çap edýän materiallary dönüklige we emigrasiýa meçew bermegi özüne maksat edinmeli däldir.

Ýerine ýetirilýän işiň etiki taýdan dogrulygy


RFE/RL-niň işgärleri we programmalary hem-de makalalary taýýarlamaga gatnaşýanlar işlerini ýerine ýetirmekde iň belent etiki standartlary esas edinip almalydyrlar. Olar bähbitleriň gapma-garşylygyny ýa-da şeýle ýagdaýlaryň ýüze çykmagyny aradan aýyrmak üçin "Efir giňişliginiň" içindäki we daşyndaky şahsyýetler, toparlar, syýasy ýa-da ykdysady bähbitler bilen öz aralarynda baglanyşyk döremezligi barada aýratyn aladalanmalydyrlar.

RFE/RL-niň işgärleri hem-de programmalary we materiallary taýýarlamaga gatnaşýanlar hiç hili ýagdaýda özleriniň şahsy bähbitlerini kanagatlandyrmak üçin RFE/RL-niň abraýyndan ýa-da öz jemgyýetçilik we şahsy statuslaryndan peýdalanmaly däldir.

Azatlyk Radiosy barada maglumatlar:

  • Biz barada
  • Habarlaşyň
  • Gizlinlik düzgünleri
  • Forum Düzgünleri
  • Materiallary ulanyş düzgünleri
  • Tehniki kömek
  • Kömek – Bölüşmek

Biziň bilen habarlaşyň